/ 5

Kitap-payhas çeşmesi
Köne döwrün alymlary kitaby Jemşidin jamyna menzedipdirler.Dogrudan hem,kitap
içi tasin maglumatlardan doly bilim hazynasydyr.Parasatly halkymyz ony akyl-payhasyn
jemlenen mirasy hasaplapdyr.Hakykatdan-da,kitap-bizin mugallymymyz,yolbeledimiz hem-
de payhas çeşmamizdir.Kitap-bizin ruhy gymmatlygymyzyn,ruhy dünyamizin genji-
hazynasydyr.Gözbasyny münyyllyklaryn jümmüşinden alyp gaydyan Türkmen halkymyzyn
maddy we medeni taryhy gymmatlyklary diysen köpdür.Olaryn arasynda in
naybaşysy,payhas hazynasy bolan kitaplardyr.
Turkmen halkymyzyn geçmiş taryhyna ser salsak,orta asyrlarda dünya medeniyetinin
gadymy ojagy hasaplanyan Merw topragy milli mirasymyza bay mekandyr.Bu toprakda
yaşap geçen mert-pederlerimizin,yagny akyldarlarymyzyn,filosoflarymyzyn döreden bay
kitaphanalarydyr,yazan golyazma kitaplary bu günki günde bizin in bir gymmatly genji
hazynamyzdyr.Bahasyna yetip bolmajak gymmatly baylyk hasaplanyan kitaplar adamzat
durmuşynyn ylym-bilim we payhas açarydyr.Akyldar şahyrymyz Magtymguly
Pyragynyn:”Kitap okan gullar magnydan dokdur”diyişi yaly,kitap ynsany ruhy taydan
terbiyeleyar.Türkmen halkynyn kitaba goyyan hormaty öz gözbaşyny asyrlaryn jümmüşinden
alyp gaydyar.Yagny,Türkmenistanyn tanymal yazyjysy Nurmyrat Saryhanowyn”Kitap”
hekayasynda Welmyrat aganyn köşekli düyesini bir kitaba çalyşdyrmasy,türkmen halkynyn
kitaba bolan söygüsinden,hormatyndan nyşandyr.

Başinji ya-da altynjysy synpdyk.Bir gün edebiyat sapagynda,mugallym ahlimizin
kitaplarymyzy yygnap aldy-da,”Kitap” hekayasyny gürrün bermage başlady.Mugallym şeyle
bir gowy gürrün beryar welin,ahlijamiz ol hekayanyn içine girip gidipdik.Hat-da ahli
synplarda-da bolşy yaly,bezzatja synpdaşlarym hem ol hekayanyn içinde pikir ummanyna
gark bolup dinlap otyrdylar.Sonra mugallym bu hekayany gürrün berip boldy-
da,hemmamizden Welmyrat aganyn köşekli düya çalyşan ,içi payhasdan doly bolan kitabyn
nahili kitapdygyny sorady.Bizin otuzymyzam otuz tarapdan pikir bildirmage başladyk,yöne hiç
haysymyz hem dogry jogabyny tapyp bilmedik.Haçan-da mugallymyn özi dogry jogaby
aydanda bizin şeyle payhasly akyldar şahyrymyzyn bardygyna,türkmenligimize we Garaşsyz
baky Bitarap döwletde yaşayanlygymyza buysandyk.Hakykatdan-da kitap seni dünyanin
meşhur adamlary,alymlary,yazyjylary,suratkeşleri ,kompozitorlary bilen islan wagtynda
duşuryp,islan çagynda-da sözleşdirip bilyar.Kitap sana dürli ylymdan ders beryar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyn “Payhas çeşmesi”kitabynda
ylym-bilime,kitap okamaga degişli birnaçe nakyllardyr atalar sözi getirilipdir.Yagny,
• Bilmeyan zadyny kitapdan sora.
• Kitap okamayan göryanini görer,kitap okayan dünyani görer.
• Dünyade atyn üstünden onat tagt yok,kitapdan gowy dost yok.
• Okamadyk öküner,dil gysgadyr,sakynar.
• Okayan il ozar,okamayan il tozar.
• Ylym köp,ömür az,geregini al-daşa yaz.
XX asyrda yaşap geçen ,agirt şahyrlarymyzdan biri Gurbannazar Ezizow özünin
şygryyet dünyasinde kitap okamagyn peydalaryny şeyle beyan edyar:
Kitaphanalara gatnan yadaman,
Agras,kamil bory üçin pikirin.
Dünyade hemme zat bal bile yag dal,
Siz goja dünyanin boyun yetirin.
Azyrajyk bolsun çörek nobaty,
Köprajik bolsun kitap nobaty.
Belli alymlar kitap okamagyn egsilmez hazynadygyny bellap geçyarler.Okamak yüregi
şatlandyryar,göwnüçökgünligi aradan ayyryar.Kitap okayan wagtyn hemişe gowy
adamlaryn arasynda bolasyn gelyar.Wagtyny hayyrly zatlara sarp edyarsin.Kitap okayan
adamyn söz baylygy gin boylar,akyly ösyar,zehini joşyar,pikiri durlanyar.Okumyş adam
bilime bay bolup,yatkeşligi,düşünjesi yitileşyar.Kitaby köp okasan ,ylym almagyn we

durmuşa düşünmegin yollaryny tapyp bolyar.Sözün manysyna çunnur
düşünmage,öwrenilen zatlary pugta yatda saklamaga,aydylyan zadyn maksadyny
anmaga we pynhan hikmetlerin syryny bilmage kömek edyar.Bu babatynda dünyanin
belli yazyjylaryndan biri bolan M.Gorkiy şeyle diyyar :”Bilimlerin çeşmesi bolan kitaby
söyün,dine bilim dadymyza yetişip,dine şol bizi ruhy taydan güyçli,pak,payhasly adamlar
edip yetişdirer”.Mundan başga-da Aybek:”Kitap adamzat payhasynyn dürdanesini
yygnayar we olary nesilde-nesle geçiryar.Biz bir gysym gum bolup gideris ,yöne kitaplar
weli,demirden hem daşdan yasalan yadygarlikler yaly müdimilik saklanyarlar”diyip
bellap geçyar. Görnükli türkmen yazyjy şahyrymyz Berdinazar
Hudaynazarow:”Türkmenlerde “Atyn barka yol gazan,atan barka dost gazan”diyen
nakyl bar.Kitap hakda oylanamda şu nakyl yadyma düşyar.Kitap bilen dostlaşan adamyn
ruhy garyp bolup bilmez.Ol özüni bagtly hem-de bay adam hasaplamaga
haklydyr.Adamyn mahal-mahal haly ten bolyan pursatlary bolyar.Şonda söwer dostun
yanyna gelayse,göwnün gülleyar.Şol dostun roluny akylly kitap hem yerine yetirip
bilyar.Hazirki zaman durmusynda yol gazanmagyn kynlygy yok.Yöne bir fakta welin üns
berin: Yuriy Gagarin kosmosa uçanda yany bilen söygüli kitaplaryny alandygyny
aydypdy.Name üçin başga zat dal-de ala-böle kitap? Sebabi, kitap adam durmuşynyn in
hay-hayly pursatlarynda ona güyç beryar,ruh beryar! Kitapsyz durmuşy göz önüne
getirmek kyn.Juda kyn”diymek bilen kitap adamzadyn in yakyn we hakyky dostudygyny
nygtayar.Gahryman Arkadagymyzyn parasatly belleyşi yaly :”Kitap hemişe adamzadyn
ruhy gymmatlyklaryny özünde jemleyan baylyk,durmuşyn aynasy, taryhyn beyany,
geljege yol görkeziji hasaplanypdyr”.Kitap hiç wagt garramayan ,hemişe juwan we
wepaly hyzmatkarindir.Sen haysy döwrün taryhyndan,haysy milletin gylyk-hasiyetinden
haysy döwletin ykbalyndan hen buyursan, kitap senin arzuwyny yerine
yetiryan,gija,gündize parh goymayan ,yadamany,armany bilmeyan,aydym aydyp, saz
çalyp beryan hoş owaz bir bagşydyr.Kitap göwnünde pos bolsa,bulgur yaly
durlar,şahtine ganat beslar, yetmezin,yalnysyn bar bolsa sypayyçylyk bilen
görkezer,gandyrar,ynandyrar,indi yörejek yoluna şugla saçar.Kitap duşmany tanamaga ,
bet pirimi anlamaga , hüşgar bolmaga yol salgy beryan,Watanyny , halkyny , wepaly
yaryny ata-eneni,dogan-garyndaşyny , edyanişini söydüryan , ruhyny göteryan bir
ylhamdyr.
Berkarar döwletimizin bagtyyarlyk döwründe okamaga,döretmage gin
mümkinçilikleri döredip beryan Gahryman hem-de mahriban Arkadagymyza talyp
kalbymdan çaksiz minnetdarlyk bildiryarin.
Jorayewa Gunça
Loading document...
0 / 0
/ 5
Share to Unlock
Share this document anywhere to unlock the download instantly — free.
Unlocked! Starting your download…
Upload 5 to Download
Every 5 documents you upload earns 1 download credit. You have uploaded 0 documents. Upload 5 more to earn a download.
Upload DocumentsComment on Reddit to Unlock
How it works
- Open the Reddit post.
- Add a comment that includes the document link.
- Come back and click verify.
Loading subreddits…
Unlocked! Starting your download…
Make a Short Video → Free Weekly Downloads
Rules
- Post a short video about us — in English — on TikTok, YouTube, Facebook, Instagram or Snapchat.
- Choose the platform and paste your short video link below.
- We review it manually — once approved you unlock weekly free downloads.
Example video
Invite & Earn Free Downloads
How rewards work
- Copy your unique link below and share with your friends.
- Every 3 sign-ups earns you 1 free download.
- Reach 10 sign-ups to unlock a free download every week.
Loading…
End of Document
101
Report this document
Why are you reporting this content?
Embed document
* The code will be updated based on your changes.
Upload to Print
Every 5 documents you upload earns 1 print/download credit.
You have uploaded 0 documents. Upload 5 more to earn a credit.
Upload Documents